ÝÇL: Çärýek finalyň deslapky oýunlary dartgynly geçdi

14 Aprel 2024
191

Ýewropa çempionlar ligasynyň 9-10-njy aprelde geçirilen çärýek final tapgyrynyň deslapky oýunlary bu möwsümde çempionlyk üçin göreşiň has ýiti geçjekdigini görkezdi. Çärýek finalyň deslapky oýunlarynyň ählisi dartgynly ýagdaýda geçdi. Şonuň üçin hem, hiç bir jübütde indiki tapgyryň meselesi barada heniz kesgitli zat aýdyp bolanok. 4 oýunda derwezelerden 18 goluň geçirilmegi tapgyryň deslapky oýunlarynyň gyzgalaňly bolandygyny tassyklaýar.

Geçen hepdäniň sişenbe agşamynda geçirilen oýunda «Mançester Siti» Madridde «Realyň» myhmany bolup, 3:3 hasabynda deň oýnady. Oýunda ýer eýeleriniň gollaryna Rodrigo we Federike Walwerde awtorlyk etdi, ýene bir gol awtogol hökmünde Ruben Diaşyň adyna ýazyldy. Myhmanlardan bolsa Bernardu Silwa, Fil Foden we Ýoşko Gwardiol tapawutlandy.

Taýýarlan: Deňizhan Jumagylyjow,
TDBGI-niň talyby.