Agyr atletikaçylarymyzyň agramly üstünligi

14 Aprel 2024
160

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Taýlandyň Phuket şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler. Aýratyn bellenilmeli ýagdaý, bu ýaryş Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma berendigi bilen has-da ähmiýetlidir.

Şeýle abraýly ýaryşda türkmenistanly türgen Maksat Meredow 81 kilograma çenli agram derejede 3 sany kümüş medalyň eýesi boldy.

Taýýarlan: Yhlas ATAÝEW,
TDBGI-niň kafedra müdiri.