«Arkadag» topary: bir ýylda 100 pökgi

13 Aprel 2024
201

Täsinlikleriň we täzelikleriň şäherine öwrülen Arkadag şäheriniň adybir futbol topary şu baharda bir ýaşady. Mundan göni bir ýyl ozal aprel aýynda ilkinji resmi duşuşygyny geçiren täze topar gysga wagtyň içinde üstünliklerden üstünliklere ýol aşdy. Ýurdumyzda geçen ýylyň futbol möwsümi «Arkadag» toparynyň goşa baýraga — çempionlygyna we Kuboga eýe bolmagyna beslendi. Milli çempionatymyzyň mart aýynda badalga berlen täze möwsüminiň ýakynda geçirilen 5-nji tapgyrynyň duşuşygynda bolsa «Arkadag» futbol topary çempionatdaky 100-nji pökgüsini geçirip, ýene bir ajaýyp üstünligi gazanmagy başardy.

Täze üstünligiň has täsin tarapy bolsa toparyň 100 goly bary-ýogy 28 duşuşyga ýerleşdirmegidir. Munuň özi toparyň futbolçylarynyň her duşuşykda 3,5 gezekden hem kän tapawutlanandygyny görkezýär.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».