«Inter» 20-nji çempionlygyna barha golaýlaýar

12 Aprel 2024
173

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «In­ter» myh­man­çy­lyk­da «Udi­ne­ze» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­nyň öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, soň­ky mi­nut­lar­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di (2–1). Ýer eýe­le­rin­den Sa­mar­ži­çiň 40-njy mi­nut­da­ky go­lu­na 55-nji mi­nut­da (p) Çal­ha­nog­lu hem-de 90+5-nji mi­nut­da Frat­te­zi jo­gap ber­di. «In­ter­den» 14 utuk yz­da bar­ýan «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da «Leç­çe­ni» Pu­li­şiç, Ži­ru hem-de Leao­nyň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Ýu­wen­tus» öz meý­dan­ça­syn­da Gat­ti­niň ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da «Fio­ren­ti­na­dan» üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Paý­tagt der­bi­sin­de «Ro­ma» to­pa­ry «La­sio­ny» Man­çi­ni­niň 42-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Soň­ky çem­pi­on «Na­po­li» hem myh­man­çy­lyk­da «Mon­za­ny» 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.

Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da PSŽ to­pa­ry­na öz meý­dan­ça­syn­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan «Kler­mo­ny» ýeň­mek ba­şart­ma­dy. Kei­ta­nyň 32-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­lu­na 85-nji mi­nut­da Ra­mu­şyň go­ly bi­len jo­gap be­ren pa­riž­li­ler ýeň­liş­den ha­las bol­dy. 7 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «Mets» to­pa­ry­ny 4–3 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Brest» 2-nji bas­gan­çak­da­ky or­nu­ny go­ra­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. «Lill» öz meý­dan­ça­syn­da «Mar­se­li»,