Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

16 Mart 2024
314

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagaty bilen doly bolan mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn. Bu mübärek aý dünýäniň musulmanlaryna ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmek, özara düşünişmek we mundan beýläk-de özlerini kämilleşdirmek, raýdaşlyk hem-de agzybirlik üçin ýene-de bir mümkinçilikdir. Mukaddes Oraza aýynyň tutuş musulman ymmatynyň dostlukly gatnaşyklarynyň, abadançylygynyň pugtalanmagyna ýardam berjekdigine umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk dileýärin.