Gurluşyk senagatynyň kuwwaty artýar

15 Mart 2024
345

Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. 13-nji martda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi hem diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň innowasion desganyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.

Düzüminde binadyr desgalaryň 38-sini jemleýän döwrebap kärhana dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleri döredilendir. «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasy tarapyndan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda ornaşdyrylan enjamlaryň we ýerine ýetirilen inženerçilik işleriniň halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy täze kärhananyň önümleriniň dünýä bazarlarynda hem uly islegden peýdalanjakdygyny görkezýär. Hasaplamalara görä, täze zawodda önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat edilýän derejeden ep-esli azdyr.

«Watan».