Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

15 Mart 2024
287

14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň iri bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns çekildi. Tebigy serişdelere baý döwlet bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy. Ýurdumyzda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz we «ýaşyl» bolmagyny üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.

(TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy).