Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

15 Mart 2024
254

14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň iri bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns çekildi. Tebigy serişdelere baý döwlet bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.