Akyldaryň dost-doganlyk taglymaty dabaralanýar

13 Mart 2024
434

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülen şahsyýet. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik baradaky pikirler üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurdunyň şahyrlary we alymlary, aýratynam türkmen ýaşlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda hem belleýşi ýaly, türkmen ýaşlary we edebiýat barada gürrüň açanymyzda, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijiligine ýüzlenmek maksadalaýyk bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan şygyrlary ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir.

Beýik akyldar nesillere baý edebi miras galdyrypdyr. Onuň döredijiligi, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň milli baýlygyna, ruhy hazynasyna öwrüldi. Bilşimiz ýaly, şu ýylymyzyň şygary hem beýik söz ussadyna bagyşlandy. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde şeýle belleýär: «Täze ýylymyzyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr. Türkmen ýaşlaryna döwletliligimiziň ýene bir sahypasyny belent üstünlikler bilen doldurmaga çagyryşdyr. Öňümizdäki bir ýylymyzy, soňra bütin ömrümizi Magtymguly bolup ýaşamaga çakylykdyr».

Ýörite habarçymyz.