«Ahyrky garagyş» — gyş bilen hoşlaşyk

8 Fewral 2024
642

Halkymyzyň milli senenamasy boýunça kiçi çille tamamlanyp, ynha, gyşyň iň soňky bölegi bolan «Ahyrky garagyş» döwri başlandy. Togsan günläp dowam edýän gyşyň soňlanýan günlerine «Ahyrky garagyş» diýilmeginiň özboluşly sebäbi bar. Käbir ýyllarda gyşyň maýyl gelip, ahyryna gazabyna tutýan ýyllary-da bolýar. Ine, şonuň üçin-de «Mal ýanyndakylar arkaýyn bolmasyn, gyş entek ýeňse berenok, ägä bol!» diýen manyda gyşyň iň soňky bölegine «Ahyrky garagyş» diýip at beripdirler. Şeýlelikde, 22-nji fewrala çenli bary-ýogy 15 gün dowam edýän bu döwürde howa örän çalt-çaltdan üýtgeýär. Sebäbi gyşyň öz ornuny ýaza berýän döwri bolansoň, bir görseň-ä, ýaz çykana meňzeýär, birdenem iniňi tikenekledýän sowuk howa aralaşyp, gardyr ýagyş ýagyp başlaýar. Käbir ýyllarda bolsa galyň gar düşüp, çopan-çolugy örän aljyradýar. Şeýle bolanda, gyş-a öz ornuny ýaza bermek islänok, ýaz hem yza tesmek islänok. Ata-babalarymyz şonda: «Gyş gijikdi» diýip, şoňa görä bolmaly bolupdyrlar. Şonuň üçin eždatlarymyz tä togsan dolup, ýere ýyly gidýänçä, nesillerine gyşdan ägä bolmagy ündäp, «Gyşyň gözi kör bolar» diýen pähimi döredipdirler.

Bu ýyl gyş maýyl geldi. Hatda örän gaharjaň hasaplanýan «Kiçi çille» hem gazabyna tutmady. Netijede, eýýäm käbir ösümliklere jan girip, pyntyklap başlady. Bu bolsa bize indi ýazyň uzakda däldigini buşlaýar. Elbetde, tebigatyň şu döwürde birden üýtgemegi bilen, garaşylmaýan, oýuňa gelmeýän ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Emma ol uzak dowam etmez, dessine howa ýaza tabyn bolar. Tebigatdaky şeýle hadysalary örän inçelik bilen synlap, ondan netije çykarmagy başaran ata-babalarymyz şeýleräk bir sanawajy-da döredipdirler:

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.