Saglyk — ömrüň bezegi

7 Fewral 2024
312

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine ýetilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmakda, halkymyzyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumlaryň netijesinde halkymyz saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatyndan peýdalanýar, ýurdumyzyň oba-şäherçelerinde hem dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri halkyň hyzmatynda. Olaryň hatarynyň barha artýandygy bolsa, halkymyzy has-da buýsandyrýar.

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda üstünlikli durmuşa geçirilýän şunuň ýaly tutumlar bedenterbiýäniň hem-de sportuň işjeň hereketleri bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle işler ynsan ömrüniň dowamlylygyny has-da uzaltmaga, ýurdumyzyň raýatlarynyň, aýratyn-da ýaşlarymyzyň köpçülikleýin sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini saýlap almagyna itergi berýär.

Aýjahan Italmazowa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.