Ahyrky garagyş

7 Fewral 2024
643

Türkmenleriň milli senenamasyna görä, gyş pasly noýabr aýynyň 23-inden fewral aýynyň 21-ine çenli dowam edýär. Ata-babalarymyz gyş paslyny dört döwre bölüpdirler: garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş. Olaryň jemi 90 güne deň bolup, bu döwürler ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan seneleri, meteorologik we fenologik tebigat üýtgeşmeleri bilen baglanyşyklydyr. Türkmenleriň milli senenamasynyň ahyrky garagyş döwri bolsa fewral aýynyň 6-syndan 21-ine çenli dowam edýär.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän aý-gün hasaplarynyň biri hem ýyldyz senenamasydyr. Bu senenama halkyň arasynda iň bir ýörgünli senenamalaryň biridir. Ol hijri-kamary senenamasyndan tapawutlylykda ekerançylar üçin hem, maldarlar üçin hem amatly bolupdyr. Türkmenler ýyldyz hasaby boýunça bir ýyly 365 güne, ony hem döwürlere bölüpdirler. Şol döwürleriň has oňat ýatda galmagy üçin şeýle şahyrana setirleri döredipdirler:

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.