Ýalmanlar hakda

7 Fewral 2024
487

Sähralarymyzyň jöwzaly tomsunyň, aňzakly gyşynyň gazaply howa şertlerinde ýaşaýan bu jandarlar daşky görnüşi boýunça syçanlara meňzeş hem bolsalar, tapawutly ýerleri az däldir. Ol aratapawut, esasan, olaryň artky aýaklarynyň we guýruklarynyň has uzyndygy bilen baglanyşyklydyr. Örän gorkak bolandyklary üçin olaryň ýaşaýşyny öwrenmek ýeňil däl. Şeýle-de bolsa kindiwan jandarlar barada aşakdaky maglumatlary toplamak başartdy.

Ýalmanlaryň yzky aýaklary alynky aýaklaryndan dört essä golaý uzyndyr. Şol sebäpli olar bökjekläp ýöreýärler. Örän uzyn guýruklary bolsa olara deňagramlygyny saklamaga kömek edýär.

Umytjan HUSEÝINOW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.