Şöhratly Peliň yzlaryny yzlap

26 Ýanwar 2024
442

Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden ajaýyp kitaplarynda ahalteke atlarynyň şöhratly taryhy, tohum aýratynlyklary, reňk öwüşginleri, seýisçiligiň asylly ýörelgeleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şundan görnüşi ýaly, milli atşynaslyk — hem ylym, hem sungat... Bu baradaky mesawy söhbetleriň birinde ahalteke atçylygynyň dowam edýän nesil ugurlary barada gürrüň gozgaldy. Şonda bu pudakda 40 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekip gelýän Kerimguly Bäşimow arassa ganly ahalteke atlary barada alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmekde olaryň nesil ugurlary bilen birlikde, baýtallaryň hem juda uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. Ine, şeýdibem öz döwründe ýyndamlykda meşhurlyk gazanan we özünden soň ençeme naýbaşy nesilleri galdyran şöhratly Pel bilen bagly şu söhbetdeşligi ýazga geçirdik.

— Kerimguly aga, tejribeli hünärmen hökmünde atçylykda ýöredilýän ugur, maşgala adalgalary, şeýle hem ahalteke atlarynyň tohumçylyk hiline, gymmatyna aýratynlykda we köptaraplaýyn baha bermegiň düzgünleri barada aýdaýsaňyz!

Söhbetdeş bolan Narly NURYÝEW,
žurnalist.