Baş baýlygyň goragynda

25 Ýanwar 2024
643

Ilatyň saglygy ýurduň iň ýokary baýlygy hasaplanýar. Muny hemişe ünsde saklaýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça möhüm çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munda ulgamyň dürli edaralarynda zähmet çekjek ýokary bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde amala aşyrylýan işlere-de aýratyn orun degişlidir.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak hem-de bejermek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmek, milli lukmançylykda ýokary bilimli, öz işine ussat hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek ýurdumyzda üstünlikli hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlardyr. Bu möhüm ähmiýetli resminamada halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de aýratyn üns berilýär. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Olar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, çemeleşmeleri ýurdumyzda kabul edilen milli strategiýalarda, maksatnamalardyr meýilnamalarda öz beýanyny tapýar.

Annamyrat ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň müdiri.