Änewden tapylan zenan heýkelleri

24 Ýanwar 2024
588

Merkezi Aziýada eneolit döwrüne degişli iň irki öwrenilen ýadygärliklere gadymy Änewiň depeleri, soňraky döwürdeş ýadygärlikler bolan Namazgadepe, Garadepe we beýlekiler degişlidir. Muny Merkezi Aziýada neolit, ýagny täze daş asyry döwrüne degişli bolan ösen Jeýtun medeniýetiniň dowamy hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Köpetdagyň eteginde neolit zamanynda başlanan ekerançylyk medeniýeti eneolit döwründe hem ösmegini dowam etdiripdir. Ekerançylyk ýerleri çiller arkaly bölünip, olarda dagdan akyp gelýän suwlar saklanypdyr. Iş gurallary kämilleşdirilipdir. Esasan, bugdaý we arpa ekipdirler. R.Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy 1904-nji ýylda Änewde b.e. öňki V münýyllyga degişli bugdaýyň däne galyndylaryny tapypdyr.

Serdar MAŞARYKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.