Törebeg hanym hakynda

24 Ýanwar 2024
756

Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz goýan, ady rowaýata öwrülen zenan şahsyýetler az däl.Törebeg hanym hem şeýle şahsyýetleriň biri. Onuň ady bilen bagly juda özboluşly, nusgasy başga ýerde gabat gelmeýän ymarat biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ol Köneürgenç ýadygärlikler toplumynda naýbaşy ymaratlaryň biri.

Ýogsamam, Törebeg hanym hakynda juda täsin rowaýatlar hem aýdylýar. Elbetde, bu zenan anyk taryhy döwürde ýaşap geçen şahsyýetdir. Şonuň üçin rowaýatlardaky käbir maglumatlaryň taryhy hakykat bilen gabat gelmeýän ýerlerem az däl. Bu rowaýatlarda bolaýmaly ýagdaý.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.