Arpabadyýanyň peýdasy

24 Ýanwar 2024
776

Arpabadyýan, beýleki gök otlardan tapawutlylykda, witaminlere hem-de mineral duzlara baýdyr. Onuň düzüminde A, PP, C, B witaminler bar. 25 — 30 g arpabadyýany iýen adam özüniň bir günki C we A witamine bolan talabyny kanagatlandyrýar. Düzümindäki efir ýagy arpabadyýana özboluşly tagam we işdä açyjy ys berýär. Ony iýeniňde, aşgazanda iýmit siňdiriji şiräniň bölünip çykyşyny ýokarlandyrýar, bu bolsa iýmit siňdirilişini gowulandyrýar. Arpabadyýandaky kaliý mineral duzunyň görkezijisi ähli gök otlara garanyňda ýokarydyr. Ony ýürek-damar näsazlygynda, böwrek, bagyr kesellerinde we ganazlyk keselinde ulanmak peýdalydyr. Arpabadyýan ter we guradylan görnüşinde işdäaçarlarda, gök önümler konserwirlenen wagtynda ulanylýar, şeýle-de gündelik iýýän naharlarymyzda ulanmak maslahat berilýär. Nahara arpabadyýany atmak isleseňiz, nahary saçaga äberilmezinden öňinçä owunjak dograp atmagy unutmaň. Eger-de nahar gaýnap durka atsaňyz, gök otlaryň düzümindäki witaminleriň we mineral maddalaryň ýokumynyň ýitmegine getirer. Arpabadyýanyň guradylan görnüşi duzlanan kelem, hyýar, pomidor gaplanylanda ulanylýar. Käbir adamlar sogan, sarymsak iýmekligi gowy görýärler, ýöne agzyndan ysy gelýär diýip, iýmekden çekinip ýörýärler. Eger-de saçagyňyzda arpabadyýan bar bolsa, çekinmän, arkaýyn sogany, sarymsagy isledigiňizçe iýip bilersiňiz, ýagny soňundan arpabadyýanyň 4-5 ýapragyny çeýneseňiz agyzdaky sogandyr sarymsagyň ysyny aýrar.

Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-iň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň müdiri.