Kişde, kişmiş, kak

24 Ýanwar 2024
667

Bereketli topragymyzda derde derman miweler, gök-bakja önümleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olardan dürli önümler taýýarlanylýar. Kişde, kişmiş, kak hem guradylyp taýýarlanylýar. Olaryň adam saglygyna peýdasy ýokarydyr. 

Kişde. Guradylan erik endamdaky artykmaç suwuklyklary çykarmak bilen, adamyň immunitetini ýokarlandyrýar. Onuň düzümi ýeňil özleşýän uglewodlara, şeýle hem witaminlere baýdyr. Kişdede magniniň, kaliniň, kalsiniň, sinkiň, ýoduň bolmagy onuň dermanlyk häsiýetlerini artdyrýar. Guradylan erikdäki kaliý ýokary gan basyşy kadalaşdyrmaga, kalsiý bolsa süňkleriň, dyrnaklaryň berk bolmagyna ýardam edýär. Ol ganazlykda gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrmakda, deriniň çeýe bolmagynda hem peýdalydyr. Kişdedäki kletçatkalar iýmit siňdiriş agzalarynyň işini kadalaşdyrýar.