Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň işe girizilenine 110 ýyl doldy

22 Ýanwar 2024
505

Gadymy Murgap derýasy asyrlaryň dowamynda Murgap jülgesiniň ilatyny suw bilen üpjün edip gelipdir. Akabanyň üstünde 1890, 1895-nji ýyllarda binýady berkden tutulyp gurlan üç sany bent — Soltan bent, Ýolöten bent we beýleki suw desgalary sebitiň suwarymly ekerançylygynyň ösdürilmeginde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.

Ýurdumyzda mundan 110 ýyl ozal ilkinji elektrik kärhanasynyň gurlup işe girizilmegi hem hut Murgap derýasynyň üstünde gurlan Hindiguş bendi bilen baglanyşykly taryhy hakykatdyr. Ol döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depgin bilen ösýän, öňdebaryjy elektroenergetika pudagynyň ilkinji elektrik desgasy bolan Hindiguş suw elektrik stansiýasydyr.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».