Owazdan nurlanan dünýä

28 Dekabr 2023
2046

Eziz enem! Seniň öňüňde näçe bergimiň bardygyny ölçemek mümkin däl. Ony ölçemäge dünýäde gural hem ýok. Ýöne men bir zady: bu dünýä gelip, gözümi açan günümden bäri bagtly bolmagym üçin seniň döreden nurly Gün ýaly mähirden, söýgüden, yhlasdan, ýagşy umytlardan, ýakymly sözlerden, aladadan doly dünýäňe düşendigimi duýýaryn. Seniň hüwdüleriňde eden arzuwyňdan ganatly bolandygymy duýýaryn. Seniň yhlasyňdan bagtymyň gül açandygyny bilýärin.

Eziz enem! Seniň meniň bagtly bolmagym, döwrümize, ile-güne mynasyp adam bolup ýetişmegim ugrunda eden taýsyz aladalaryňy ýyl geçdigiçe barha ýiti duýýaryn.

Sona JUMAGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň öwreniji mugallymy.