«Na­po­li» bi­len «In­ter» ku­bok ýa­ry­şyn­dan ir çyk­dy

22 Dekabr 2023
302

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 1/8 fi­nal­da ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je ha­sa­ba alyn­dy. «Se­rie A»-nyň soň­ky çem­pio­ny «Na­po­li» öz meý­dan­ça­syn­da «Fro­zi­no­ne» to­pa­ryn­dan 4–0 ha­sa­byn­da utu­lyp, ýa­ryş­dan çyk­dy. «Fro­zi­no­ne» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Bar­re­ne­çea (65), Ka­so (70), Çed­di­ra (90+1 p) hem-de Har­rui (90+5) der­we­zä gi­riz­di. «Na­po­li» 65 ýyl­dan soň ku­bok ýa­ry­şyn­da 4 gol ara­ta­pa­wut bi­len ýe­ňil­di.

1/8 fi­na­lyň baş­ga bir du­şu­şy­gyn­da-da ku­bo­gyň hä­zir­ki eýe­si «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­lon­ýa» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şy­gyň esa­sy wag­ty gol­suz ta­mam­lan­dy. Goş­ma­ça wagt­da, has ta­ky­gy, 92-nji mi­nut­da «In­ter» Kar­los Au­gus­to bi­len öňe geç­se-de, «Bo­lon­ýa» yz­ly-yzy­na 2 gol ge­çi­rip, çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Gol­la­ry 112-nji mi­nut­da Beu­ke­ma bi­len 116-njy mi­nut­da Ndo­ýe der­we­zä gi­riz­di.