Watana şan getiren pälwan

20 Dekabr 2023
516

2023-nji ýyl we şanly ýylda türkmen sportunda gazanylan üstünlikler barada söhbet açylsa, ilki bilen paýtagtymyzda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionaty seriňe dolýar. Şol sport baýramçylygynda dünýä çempiony bolmagy başaran ildeşlerimiziň biri hem Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirowdyr.

Ýurdumyzyň dünýä çempionatyna gatnaşan toparynyň düzümindäki ýeke-täk mugallym gazanan ýeňşi bilen kärdeşlerini hem, okuwçylaryny hem diýseň begendirdi. Indi kerkili okuwçylar bedenterbiýe sapagynda dünýä çempiony bolan mugallymyndan tälim alýarlar. Hut şu hakykatyň özi hem olary sporta has ýakynlaşdyrýar. Çempionyň okuwçysy bolmak, gürrüňsiz, özüňi hem çempionlyga höweslendirýär.

Sahypany taýýarlanlar — Agageldi ITALMAZOW, Atanyýaz HANGELDIÝEW.