Sport

20 Dekabr 2023
296

ÝEŇIŞLI ÝOLLAR

Ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bagtyýar halkymyzyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürmek bilen, bu meselede netijeli işlere badalga berdi. Hut şonuň üçin hem ata Watanymyzda bedenterbiýäni hem--de sporty ösdürmekde bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine sport mekdebimizde geçirilýän işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ýaş nesliň gujur- -gaýratly, ruhubelent, sagdyn bedenli zähmetsöýer, ata Watanymyza wepaly ýaşlar edip terbiýelenmeginde sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymlarynyň goşandy uludyr.