Geljekki çempionlaryň mekdebi

20 Dekabr 2023
376

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň beýleki sport mekdeplerinde bolşy ýaly, Bäherden etrabynyň sport mekdebinde hem sagdynlygyň, bagtyýarlygyň gözbaşy bolan bedenterbiýä we sporta aýratyn uly üns berilýär. Bu ýerde ruhubelent çagalar bilen tälimçileriň geçýän okuw-türgenleşik sapaklaryny synlanyňda türkmen sportuny şöhratlandyrjak ezber türgenleriň kemala geljekdigine uly ynam döredýär. Bu 350 orunlyk sport mekdebine ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnap, olar sportuň 8 görnüşi boýunça tälim alýarlar.

Tälimçi-mugallymlaryň ýadawsyz zähmeti öz miwesini berip, sport mekdebiniň ýaşajyk we ýetginjek türgenleri welaýat, ýurt, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar hem-de uly üstünliklere, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa tälimçileriň yhlasynyň ýerine düşýändiginden nyşandyr.

Baýrammyrat GURDOW,
Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň müdiri.