Futbol täzelikleri

20 Dekabr 2023
516

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň 25-nji tapgyrynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny kabul eden Balkanabadyň «Nebitçisi» janköýerleriniň hoşuna gelen oýny görkezmegi başardy. 23-nji minutda Magtymberdi Berenowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen «Nebitçi» öňe saýlandy. 49-njy minutda Gurbangeldi Batyrow hasaby 2:0-a ýetirdi. 51-nji minutda Ýeňiş Berdimyradowyň pökgini atanlykda öz derwezesine geçirmegi bilen, hasap balkanabatlylaryň peýdasyna 3:0 boldy. 71-nji minutda myhmanlardan Nepesmyrat Lallakow bir jogap pökgüsini geçirse-de, 80-nji minutda tapawutlanan Serdar Tukyýew «Nebitçiniň» ýeňşe bolan ynamyny has-da artdyrdy. Duşuşykdaky soňky goly 90-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren «Aşgabadyň» oýunçysy Hojanazar Gurbanow öz adyna ýazdyrdy.

Şu ýeňişden soňra utuklarynyň sanyny 37-ä ýetiren «Nebitçiniň» çempionatyň jemi boýunça üçünji orny eýelemäge mümkinçiligi artdy. Häzirki wagtda dördünji orunda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň «Ahal» topary barýar we onuň 35 utugy bar.

(Öz habarçymyz).