Şöhratly taryhymyza buýsanç

19 Dekabr 2023
1129

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän maddy-medeni mirasyny gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga hem-de giňden wagyz etmäge uly üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň taryhyna, maddy-medeni mirasyna bolan çäksiz sarpasyny artdyrýar, kalplarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanç duýgusyny döredýär. Bu günki gün muzeýler jemgyýetçilik gatnaşyklarynda möhüm orun eýeläp, bu ýerde halkyň taryhyna degişli gymmatlyklar toplanylýar, öwrenilýär, ylmy esasda gözleg işleri alnyp barylýar, taryhy tapyndylar seljerilýär, rejelenilýär hem-de dikeldilýär. Milli medeni mirasymyzy toplamak, rejelemek, gorap saklamak, halkymyza ýetirmek hem-de muzeýleşdirmek işine raýatlarymyzyň hem işjeň gatnaşmagy bizi guwandyrýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň gowşurylmagy mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.