Demir binagärliginiň ussady

14 Dekabr 2023
974

Meşhur fransuz inženeri, binagär Aleksandr Gýustaw Eýfel 1832-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Kot-d-Or departamentinde dünýä inýär. Onuň kakasy Aleksandr XVIII asyryň başlarynda Germaniýanyň Kýöln şäheriniň etegindäki Marmagen obasyndan göçüp gaýdanlaryň neslinden bolup, dogduk mekanyndaky Aýfel dagynyň hormatyna Eýfel familiýasyny alypdyr. Maşgala agzalarynyň ählisi Eýfel familiýasyny göterse-de, Gýustaw dogluş şahadatnamasynda ýazylan Býonikhauzen familiýasyny 1880-nji ýyla çenli üýtgetmändir.

Gýustaw başlangyç bilimi Dižondaky Patyşa liseýinde alýar. Soňra Parižde Sen-Barb kolležinde, Merkezi sungat we dokmaçylyk mekdebinde okaýar. 1855-nji ýylda inženeriň diplomyny alan Gýustaw demir ulanmak arkaly amala aşyrylýan täsin taslamalaryň üstünde işläp ugraýar. Onuň taslamasy esasynda Portugaliýada, Fransiýada gurluşy boýunça diýseň täsin bolan köprüler, Budapeştde demir ýol menziliniň binasy gurulýar. Nýu-Ýorkdaky Azatlyk diňiniň karkasyny gurmaga gatnaşýar,

Taýýarlan Jennet ORAZOWA,
Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň mugallymy.