Harby talyplaryň üstünlikleri

13 Dekabr 2023
400

Ýakynda sportuň hapkido görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Bu çekeleşikli bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde harby talyplar Abdylla Nurgylyjow, Şatlyk Nurymow, Haknazar Pirnazarow, Mammed Altyýew dagy 1-nji baýrakly orny eýelediler. Harby talyplar Daýanç Keletliýew, Täçmuhammet Goçmyradow, Durmuş Berdimyradow, Sanjar Orazow, Eziz Ýaýlymow, Ilaman Hapbaýew, Çerkez Çerkezow dagy 2-nji orny, şeýle-de harby talyplar Akmuhammet Mämmetmyradow, Resul Gurbandurdyýew, Kakajan Ýegenmyradow, Musageldi Atamyradow, Maksat Orazow, Kakamyrat Döwranow, Allanazar Gurtgeldiýew, Mekan Rejepow, Guwanç Abdyrasulow dagy 3-nji orny eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary, medallar hem-de ýeňijiniň kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Güýç GÖKOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.