Ýaryş tamamlansa-da, ýakymly ýatlamalar tamamlanmaýar

13 Dekabr 2023
418

Pederlerimiziň: «Ýagşy sözden ýaýrar jahan» diýşi ýaly, her bir aýdylan hoş söz, ýagşy teswir, yhlasyňa berlen ýokary baha adamy guwandyrýar. Eden işi, bitiren hyzmaty üçin hormat-sylaga mynasyp bolan ynsan özüni monça duýýar. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň guramaçylygy barada ýerli we halkara habar beriş serişdelerinde aýdylan sözleri, teswirleri diňläp, mermer paýtagtymyzda geçirilen bu abraýly ýaryş barada daşary ýurtly galamdaşlarymyz tarapyndan ýazylan makalalary okanyňda-da, edil şeýle ajaýyp duýgulary başdan geçirýärsiň.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bilegi zor pälwanlarymyzyň nobatdaky üstünligi bolup, türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Çempionatyň bäsleşikleri «Ýaşlyk», «Türkmenistan Sport», Özbegistan Respublikasynyň «Sport», Täjigistan Respublikasynyň «Warziş» teleýaýlymlarynda, internet torlarynda göni ýaýlymda halk köpçüligine görkezildi. Mundan başga-da, XIV dünýä çempionaty barada «Euronews», «TRT Avaz», «CCTV», «Мir 24» teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideoşekiller taýýarlanyp, dünýä ýurtlarynyň dykgatyna ýetirildi. Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistanda geçirilen çempionat baradaky gyzykly teswirler aýdyldy. Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edilen çempionatyň geçirilişi, guramaçylyk derejesi, netijeleri baradaky makalalar hem dünýä ýurtlaryndaky okyjylaryň Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Paýtagtymyzda geçirilen iri sport baýramçylygy baradaky şular ýaly ajaýyp teswirleriň, aýdylan ýakymly sözleriň ählisi, ata Watanyny jandan artyk söýýän her bir türkmenistanly üçin uly buýsanç dälmidir, eýsem?!

Ogulnur PIRJIKOWA,
«Esger».