Arzuwlary hasyl bolýan türgen

13 Dekabr 2023
276

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Diýarymyzda ähli babatda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň bilen birlikde sport ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolunýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmekde hormatly Prezidentimiz uly aladalary edýär hem-de Diýarymyzyň ähli ýerlerinde sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär.

Çaga kalby mydama arzuwdan doly. Öz öňünde belli bir maksat goýýar. Türgen jigimiz hem kiçilikden ertekileri köp okap, diňläp, olardaky gahrymanlar ýaly güýçli, edermen bolasy, şeýle-de, şol gahrymanlara meňzäsi gelipdir. Bu isleg-arzuw hem jigimizde sporta bolan uly höwesi döredýär. Şeýle arzuwly, maksadyna ýeten ýaş türgenleriň biri-de Söýli Annaýewadyr.