Kümüş medalyň eýesi belli boldy

13 Dekabr 2023
496

Futbol

Milli futbol çempionatymyzyň 24-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçi» topary paýtagtymyzda «Altyn Asyr» bilen duşuşdy. Oýnuň 12-nji minutynda Magtymberdi Berenow balkanabatlylary öňe saýlamagyň hötdesinden geldi. Şondan soňra hüjümlerini has-da güýçlendiren ýer eýelerinden Hoşgeldi Hojowow 38-nji minutda hasaby deňledi. 54-nji minutda Röwşen Halmämmedowyň geçiren goly bolsa aşgabatlylara möwsümdäki 15-nji ýeňşini getirdi. Şu ýeňşiň netijesi boýunça «Altyn Asyr» utuklarynyň sanyny 47-ä ýetirdi we çempionatyň kümüş medalynyň eýesi bolmagy başardy.

Aşyr BERDIÝEW.