Düzzüm boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi

11 Dekabr 2023
388

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde düzzüm boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa türgenleriň 25-si gatnaşdy. Olaryň 12-si erkekler, 13-si bolsa zenan türgenlerdir.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebiniň türgeni Gaýrat Bagtyýarowa taý tapylmady. Ikinji orny bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Eziz Artykow eýeledi. Ýokarda görkezilen sport mekdebiň türgeni Amir Öwezow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.