Gyzykly geçen ýaryş

11 Dekabr 2023
300

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekde alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň etrap geňeşiniň hem-de sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda şäherdäki sport mekdebiniň futbol meýdançasynda sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş oglanlardan hem-de orta mekdeplerde bilim alýan ýokary synp mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda etrabyň 11-nji orta mekdebiniň topary 1-nji orna, sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary 2-nji orna, Karbamit zawodynyň topary 3-nji orna mynasyp boldy.

 Maral AKYÝEWA,
TKA-nyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.