Spartakiadanyň çägindäki ýaryş

11 Dekabr 2023
381

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralýan «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary üstünlikli dowam edýär. Bu giň göwrümli sport çäräsiniň çägindäki ýeňil atletika ýaryşynyň Babadaýhan etrap tapgyry hem diýseň gyzykly boldy.

Etrapdaky 23-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçen ýaryşa orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, 100 metr aralyga ylgamakda, uzynlygyna bökmekde we estafetada güýç synanyşdylar. Turuwbaşdan gyzykly geçen ýaryş okuwçy ýaşlaryň erjelligini aýan etdi. Netijede, etrapdaky 18-nji orta mekdebiň topary birinji, 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, 23-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere hormat hatlary gowşuryldy.

Döwlet HOJAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.