Ýeňil atletikanyň ussatlary

11 Dekabr 2023
355

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýeňil atletika ýaryşynyň etrap tapgyry geçirilip, oňa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçylar gatnaşdy. Bu ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

100 metr aralyga ylgamak, uzynlygyna bökmek we estafeta boýunça geçen ýaryş uly gyzyklanma döredip, erjelleri öňe saýlady. Çekeleşikli ýaryşyň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 10-njy orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary bolsa, üçünji orna mynasyp boldular.

Gülälek NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgäri.