Küştçülerimiziň üstünligi

9 Dekabr 2023
334

Türkmenistanyň küşt boýunça ýetginjekler we 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy dünýäniň ýedi döwletinden 90-dan gowrak türgeni özünde jemlän Günbatar Aziýanyň çempionatynda üç medala mynasyp boldy. Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen halkara ýaryşda türkmen küştçüleri kümüş medallaryň ikisini we bir sany bürünç medaly eýeläp bildiler.

Medallaryň ikisi küştüň çalt oýnalýan görnüşi boýunça gazanyldy. Has takygy, bu görnüş boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halnyýazow mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk toplap, diňe bir bäsdeşinden yza galdy we hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Şeýle hem şu görnüş boýunça dänewli mekdep okuwçysy Lala Şöhradowa 5,5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldy. Şu görnüşden Aşgabat şäherindäki 117-nji orta mekdebiň okuwçysy Amanmuhammet Hommadowyň hem iň güýçli küştçüleriň bäşligine girendigini bellemek gerek.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».