Türkmen dzýudoçysynyň bürünç medaly

8 Dekabr 2023
403

Türkmen dzýudoçysy Hekim Agamämmedow Ýaponiýanyň Tokio şäherinde tamamlanan «Grand Slam» halkara ýaryşynda uly üstünlige eýe boldy. Ýaryş 84 döwletden 506 türgeni bir ýere jemledi.

66 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen dzýudoçysy birinji tutluşygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň türgeni Ari Berlineri ýeňmegi başardy. Ol ikinji tutluşygynda azerbaýjanly Ýaşar Najafowy ýeňdi. Şondan soň moldowaly Rad Izworeanydan üstün çykdy. Türkmen türgeni bu duşuşygyň 2-nji minutynda arassa ýeňiş gazandy.

Çaryýar SYLAPOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.