Hasyl bolan arzuw

1 Dekabr 2023
315

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemlän ýaryş şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň toparyna ilkinji altyn medaly Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) getirdi. Ol çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykdy. Bu agramda Wan Tin Li kümüş medala, eýranly Tahera Azarpeýwand we Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Wladlena Gusewa bürünç medala mynasyp boldular.

– Ýaryşa ýokary derejede taýýarlandyk. Bize munuň üçin uly mümkinçiliker, şertler döredildi. Esasy bellemeli zat bolsa, biz Arkadag şäherinde hem ýokary derejeli taýýarlyk geçdik. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen eziz Diýarymyz sportuň güýçli depginde ösdürilýän ýurduna öwrüldi – diýip, Dinara ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Parahat MÄMMETNUROW,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi.