Halkara ýaryşyň kümüş medaly

1 Dekabr 2023
294

Halkara ussatlyga ýeten türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew Hytaýyň Sinhuandao şäherinde geçen «Ýol we guşak» atly üçünji açyk halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy. Ýaryşa birnäçe ýurtdan 27 küştçi gatnaşdy. Olaryň 8-si grossmeýster, 6-sy halkara ussat we 2-si FIDE-niň ussadydyr.

Saparmyrat Atabaýew öz döwleriniň dördüsini ýeňiş bilen jemläp, mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk toplady. Ildeşimiz ýaryşyň ikinji tapgyrynda şu abraýly bäsleşikde ýeňiş gazanan hytaýly küştçi Huang Renjini ýeňlişe sezewar etdi. Ýeri gelende bellesek, ýerli türgen Saparmyratdan asgyn geleninden soň grossmeýsterleri yzly-yzyna ýeňdi we 7 utuk toplady.

Ahmet BAÝRAMGELDIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.