Ring güýçlüleri saýlady

1 Dekabr 2023
390

Golaýda Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň Sport köşgünde Wiktor Liwensewiň ýadygärligine bagyşlanan boks boýunça XX halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşa Türkmenistandan, Belarusdan, Russiýadan, Täjigistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Hytaýdan hem-de Kongodan güýçli türgenler gatnaşdylar.

Türkmen türgenleri bu ýaryşda 5 medal — 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar. 71 kilogram agram derejesinde Baýram Nurmuhammedow altyn medala eýe boldy we ýaryşyň iň gowy türgeni diýlip yglan edildi. Saparmyrat Ödäýew (63,5 kg) hem-de Nurýagdy Nurýagdyýew (80 kg) kümüş medallara mynasyp boldular. Guwanç Ahmedow (57 kg) bilen Muhammet Babaýew (75 kg) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldiler.  Ýeňijileri ýaryşa Tenilbek Jumakulow hem-de Ýazmuhammet Pazzyýew dagy taýýarlady.

Resul MYRATDURDYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallym-öwrenijisi.