Şöhratly ýeňişleriň desgasy

24 Noýabr 2023
262

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalary yklym we dünýä derejesindäki iri ýaryşlary üstünlikli geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Paýtagtymyzyň gözel künjegine bezeg berip oturan Başa-baş söweş sungaty sport toplumy Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin iňňän oňaýly sport desgasydyr.

Halkara sport baýramçylygynyň esasy sahnasyna öwrüljek desgada tomaşaçylaryň birbada 5 müňden gowragyna ýaryşlardan lezzet almaga şert döredildi. Bu ýerde mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hem ýerleriň göz öňünde tutulmagy «Sport hemmeler üçin!» diýen ýörelgä laýyk gelýär. Desgada metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin ýörite zal, naharhana, mejlisler zaly, türgenler we eminler üçin niýetlenen geýim çalşyrylýan otaglar, döwrebap fitnes merkezi, iş we tehniki otaglar bar.

Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.