Meýletinçi ýardamçylaryň taýýarlygy

24 Noýabr 2023
365

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýaýbaňlandyrylan Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Halkara ýaryşlary yzygiderli geçirip gelýän ýurdumyzda her bir sport baýramçylygynyň mynasyp derejede guralmagyna ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen meýletinçi ýaşlar hem mynasyp goşant goşýarlar.

Dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde işläp düzen meýilnamasy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 310-sy meýletinçiler hökmünde taýýarlanyldy.

Ogulnäzik ISENOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.