Aziýanyň merjen şäheri AşgabatKuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär

24 Noýabr 2023
322

Ajaýyp sport baýramçylygyna ýokary taýýarlykly gelen gözel paýtagtymyza Kuraş boýunça dünýä çempionaty mübärek gadamyny goýdy. 23 – 28-nji noýabr aralygynda dünýäniň ünsüni özüne çeken Aşgabadyň şaýollarynydyr köçelerini bezeýän ýazgylarda abraýly halkara ýaryşyň şowhuny giňişleýin şöhlelenýär. Türkmen we iňlis dillerinde «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz!» diýen ýazgylar bilen bezelen nyşanlardyr bannerler paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň we beýleki gözel ýerleriniň görküne görk goşýar. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde dünýäniň möhüm sport merkezleriniň birine öwrülen Aşgabadyň mümkinçilikleriniň dabaralanmasydyr.

Myhmanlar üçin amatly şertler