Kalbymyz buýsanja beslenýär

24 Noýabr 2023
287

Şu günler gözel paýtagtymyz Aşgabat ýetip gelen abraýly sport ýaryşynyň – Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň baýramçylyk ruhuna beslendi. Daş-töwereklerini bag-bakja bezeýän şaýollarymyzdyr köçeleriň ugrunda türkmen hem iňlis dillerindäki: «Kuraş boýunça dünýä çempionatyna hoş geldiňiz» ýazgylara, bannerlerdir nyşanlara gözüň düşende, kalbyň aýratyn ýakymly hem buýsançly duýgulara beslenýär.

Dünýä çempionatyna türkmen türgenleri ýokary derejeli taýýarlykly geldiler. Ýeri gelende bellesek, bu ýaryşda Türkmenistana 15 türgen wekilçilik eder. Milli ýygyndymyzyň agzalary üçin dünýä çempionatyna taýýarlanmak babatda ähli mümkinçiliklerdir şertler döredildi. Olaryň Aşgabat, Arkadag we Türkmenabat şäherlerinde, şeýle hem Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýatynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçendiklerini bellemelidiris. Nobatdaky iri sport baýramçylygynda hem türgenlerimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanyň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezerler.

Aýmuhammet Agaýew,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe we gimnastika kafedrasynyň mugallymy.