Dabaraly pursatlar

24 Noýabr 2023
312

Türkmen paýtagty ýene bir iri sport baýramyny – Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul edýär. Baýramçylyk ruhy ak mermerli Aşgabadyň ähli künjegini gurşap aldy. Ajaýyp Olimpiýa şäherçesi bolsa diňe bir daş-töwerege aýratyn öwüşgin çaýýan nyşandyr mowzuklar, bannerler bilen däl-de, eýsem, her gün guralýan dabaraly çäreler bilen göwnüňi göterýär.

Kuraş göreşi başa-baş söweş sungatynyň gadymy görnüşleriniň biri bolup, asyrlaryň dowamynda toýdur baýramlaryň bezegi hasaplanypdyr. Her bir güni bagtyýarlyga beslenýän Diýarymyzyň paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň hem ýokary ruhubelentlikde geçmegi sportuň bu görnüşiniň asylly ýörelgelerine kybap gelýär. Bu gün bolsa soňky ýyllarda meşhurlygy barha artýan kuraş boýunça iň güýçli türgenler paýtagtymyzda jemlenip, dünýä çempionatynyň medallary ugrunda göreşe girişmäge taýýarlanýar.

Öwez ATALYÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktory, Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň emini.