Dünýä çempionatynyň medallary

24 Noýabr 2023
310

Meksikanyň Gwadalahara şäherinden gelip gowşan hoş habarda türkmen agyr atletikaçylarynyň şol ýerde jemlenen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň medallaryna mynasyp bolandygy buşlanylýar.

Gaýgysyz Töräýew 81 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby ştangany silterläp galdyrmakda 151 kg netije görkezip, altyn medal gazandy. Itekläp galdyrmakda 184 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Zehinli türgeniň bu netijesi oňa kümüş medal getirdi. Onuň iki görnüşiň jemi boýunça boýun egdiren 335 kilogram netijesi zehinli türkmen türgeniniň ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyň kümüş medalyna mynasyp bolandygyny mälim etdi.

Şageldi HALBAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.