Dostlugyň we bagtyýarlygyň baýramy

24 Noýabr 2023
276

Nurana gelejegimiziň eýeleri hökmünde belent ynam bildirilýän ýaşlar hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda dürli ýurtlardaky deň-duşlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen, 16 — 18-nji noýabr aralygynda Mary şäherinde ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy hem bu babatda täze mümkinçilikleriň binýadyny goýan ähmiýetli çärä öwrüldi.

Köpugurly forumyň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ugurlarda tapawutlanýan zehinli ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi özboluşly many-mazmuna eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, olaryň ukyp-başarnyklaryna, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly ähmiýet berilýändigini görkezdi. Bu baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Alp Arslan Begenjow, Zyýamuhammet Saparow, Baýry Baýryýew, Jemal Owlýakulyýewa ýaly halkara ýaryşlardaky ýeňişleri bilen begendirýän türgenlerimiziň hem bolmagy Diýarymyzda sporta we bedenterbiýä berilýän ýokary ünsüň nyşanydyr. Çünki bedenterbiýe we sport ählitaraplaýyn kämil nesli kemala getirmegiň esasy serişdeleriniň biridir.

Rüstem MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.