Milli oýunlaryň ähmiýeti

24 Noýabr 2023
331

Bilşimiz ýaly, milli oýunlaryň taryhy, gelip çykyşy ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny, halkymyzyň geçmişini hem öwrenmäge ýardam edýär. Oýunlaryň, güýmenjeleriň döreýşi halkyň taryhy, durmuş we ýaşaýan ýeriniň şertleri bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

Parfiýa we orta asyr ýadygärliklerinden ýüze çykarylan haýwanlaryň, adamlaryň palçykdan ýasalan şekilleriniň tapyndylary diňe bir dini manyda bolman, olar oýnawaç hökmünde hem ulanylypdyr diýlip çak edilýär. XI asyra degişli Gökdepe ýadygärliginden, Murgap etrabynyň XI-XII asyrlara degişli Köşk diýen ýadygärliginden ýüzüne düzzüm şekilli çyzylan daş kerpiçler tapylýar. Başga ýadygärliklerden hem köp sanly küşt, peçiz oýnalýan şekiller, aşyklaryň dürli görnüşleri tapylýar.

Bägül DURDYLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe we bilim bölüminiň esasy hünärmeni.