Saglygym – baş baýlygym

24 Noýabr 2023
543

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Hut şunuň esasynda hem, ynsan saglygy hakynda alnyp barylýan işleriň derejesi barha kämilleşdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gurlan döwrebap hassahanalaryňdyr saglyk merkezleriniň mümkinçilikleri bolsa munuň üstüni ýetirýär. Şeýle binalaryň gurluşygynyň yzygiderli alnyp barylýandygy bolsa ynsan saglygyny baş baýlygyna deňeýän döwletde bu ugurdaky aladalaryň hiç wagt ünsden düşürilmejekdiginden nyşandyr. Bu ugurda täze bina edilen Arkadag şäheri hem uly mümkinçiliklere eýedir.

Maksat MUHAMMETÝAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.